- gyzykmak
- işlik1) Höwes bilen, yhlas bilen ýapyşmak, üns bermek, höweslenmek, gyzyklanmak.∙ Iki atyň haýsynyň ökde çykjagyna hemmeler gyzygýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Süri boljak diýeniňiz dogry welin, sakçy goýup arkaýyň bolsaňyz, goýan sakçyňyz uklar ýa-da ota gyzygar. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)∙ Azajyk dymandan soň, ol hem podpolkownigiň gyzygan sowallaryny berip başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Ol oglan gyzygyp oýnaýardy. («Mydam Taýýar» gazeti)2) Möwç almak, gyzmak.∙ Olaryň arasynda gürrüň gyzykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem gyzykmak - gyzygýar, gyzygar, gyzygypdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.